Turkmenportal logo
Düýn 12:53
2370023700
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen goraghanasynda hereketleri surata alýan abzally kameralar ýekegapanlaryň uly sürüsini hasaba aldy

Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň Guryhowdan çäkli goragahanasynda hereketleri surat alýan abzally kameralaryň kömegi bilen ýabany haýwanlara gözegçilik edilýär we olaryň hasaby ýöredilýär.

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, Kişmirli gerşindäki çeşmäniň golaýynda oturdylan gözegçilik kamerasy ulalan jojuklary bilen bile gezip ýören ýekegapanlaryň uly sürüsini hasaba aldy. Olar yzygiderli suw howdanyna gelipdirler. Gözegçilik ýazgylarynda ýekegapanlaryň gündiziň yssysyndan goranmak üçin wagtal-wagtal suwa girip, suwa düşünýändikleri we kenarda dynç alýandyklary görünýär.

Ýekegapanlar çäkli goraghananyň dürli ýerlerinde, şol sanda Çyrlyk derýajygynyň töwereklerinde hem duş gelýärler. Olar, esasan, tokaýlyk ýerlerde ýaşaýarlar. Arça we beýleki ýaprakly agaç tokaýlary, şeýle hem Çyrlyk derýajygynyň boýundaky gamyşly ýerler olaryň ýaşamagy üçin amatly tebigy mekandyr.

Ylmy gözegçilik maksady bilen oturdylan kameralar suw içmäge gelýän dürli guşlary, jerenleri, sähra pişiklerini, kirpileri, tilkileri we möjekleri hem hasaba aldy.

Kameralaryň ýazgylaryny seljeren ekologlar tomusky yssy günlerde çeşmedäki suwuň derejesiniň peselýändigini anykladylar hem-de çeşmäniň suw bilen üznüksiz üpjünçiligine gözegçilik etmegiň möhümdigini bellediler.