Pekin şäherinde Türkmenistanyň döwlet gullukçylary üçin Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) iş mehanizmleri we dünýä ykdysadyýetine goşulyşmak meselelerine bagyşlanan ýöriteleşdirilen okuw seminary guraldy. Bu barada tmcell.tm saýty habar berýär.
Okuw seminary 6–20-nji iýul aralygynda Pekindäki Halkara işewürlik we ykdysadyýet uniwersiteti (UIBE) tarapyndan guraldy. Okuw maksatnamasy nazary taýýarlygy we ykdysadyýetde duş gelýän hakyky ýagdaýlaryň seljermesini özünde jemleýän 12 esasy bölümden ybaratdyr. Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýeti Fuszýan welaýatyna sapar edip, Fusin we Fuçžou şäherlerindäki iri ykdysady merkezleriň işi bilen tanşar.
BSG-niň iň täsirli agzalarynyň biri bolan Hytaý ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmekde hem-de dünýä söwda ulgamyny dolandyrmakda baý tejribe toplady. Onuň ösüş nusgasy Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak ugrunda yzygiderli öňe ilerleýän Türkmenistan üçin gymmatly tejribe bolup hyzmat edýär.
Seminaryň dowamynda türkmen hünärmenleri şu ugurlar boýunça bilimlerini we hünär başarnyklaryny kämilleşdirerler:
netijeli milli söwda syýasatyny işläp taýýarlamak;
halkara söwda kadalaryny utgaşdyrmak hem-de çylşyrymly söwda gepleşiklerini alyp barmak;
Türkmenistanyň şertlerini nazara alyp, söwda-ykdysady işjeňligi netijeli dolandyrmak.