Şu gün Jakarta şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasynyň (ASEAN) Baş sekretary Kao Kim Hornyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ASEAN bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Assosiasiýa bilen ulag arabaglanyşygy, energetika, söwda, maýa goýumlar, sanly ykdysadyýet, innowasiýalar, bilim, ylym, syýahatçylyk we medeni-ynsanperwer alyşmalar ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.
Taraplar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, azyk we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, sanly özgertmeleri ilerletmek hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.