Turkmenportal logo
Düýn 23:27
53545354
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine  gynanç bildirdi

Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň  halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Tanä onuň kakasy — Şeýh Hamad bin Halifa Al-Taniniň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, «Goý, gudraty güýçli Allatagala şu agyr pursatda Size we maşgala agzalaryňyza ruhy durnuklylyk we sabyrlylyk bersin. Merhumyň ýatan ýeri ýagty, imany hemra bolsun» diýip, hormatly Prezident dileg etdi hem-de Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al-Tanä we Katar Döwletiniň ähli halkyna gynanjyny bildirip, ýürekden duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.

Maglumat hökmünde ýatlatsak, Kataryň Emiriniň kakasy şu gün,12-nji iýulda 74 ýaşynda aradan çykdy. Onuň aradan çykmagy bilen baglylykda, ýurt dört günlük resmi matam yglan etdi.

Katarda ýas dabaralary 13-nji iýulda başlar. Döwlet edaralarynda we jemgyýetçilik guramalarynda işler wagtlaýynça togtadylyp, öňki Emiriň hormatyna milli baýdaklar ýarym aşak düşüriler. Katary 1995-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli dolandyran Şeýh Hamad bu energiýa baý ýurduň ösüşiniň esasy arhitektory boldy.

Onuň baştutanlyk eden döwründe ýurt ykdysady, sosial we medeni taýdan ösdi, halkara jemgyýetçiligindäki täsirini güýçlendirdi. Şeýh Hamad uly möçberli ykdysady maýa goýumlaryny başlady we giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürdi, bu bolsa ýurdy dünýäde suwuklandyrylan tebigy gazyň iň uly eksportçysyna öwürdi.

Häzirki wagtda Katar dünýäniň köp sebitleri, şol sanda Demirgazyk Afrika, Ýakyn Gündogar we Aziýa ýurtlary bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. 2022-nji ýylda Katar dünýäde iň köp tomaşa edilýän futbol ýaryşy bolan FIFA-nyň Dünýä Kubogyny geçirdi.

Onuň häkimiýet başynda bolan döwründe «Al-Jazeera» habar kanaly 1996-njy ýylda işe girizildi we birnäçe ýylyň içinde ol dünýäniň iň täsirli media ulgamlarynyň birine öwrüldi. Şeýh Hamadyň baştutanlyk eden döwründe 2004-nji ýylda Kataryň ilkinji hemişelik Konstitusiýasy hem kabul edildi. Şäher saýlawlary girizildi, zenanlara ses bermek we saýlanmak hukugy berildi.

2013-nji ýylda ol häkimiýeti ogly we täç şazadasy Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä tabşyrdy, ol şol wagt 33 ýaşyndady.