Turkmenportal logo
Şu gün 11:34
58345834
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda alty aýda 15 müň 377 şertnama hasaba alyndy

2026-njy ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 146 birža söwdasy geçirilip, olaryň dowamynda 15 müň 377 şertnama hasaba alyndy. Bu barada wise-premýer N.Atagulyýew Türkmenistanyň Hökümetiniň giňişleýin mejlisinde hasabat berdi.

Şol döwürde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 118,5 göterime ýetdi. Şeýle hem 13 sergi we 5 maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk hem-de azyk önümleriniň önümçiliginiň ösüş depgini 109 göterime, senagat önümleriniň önümçiliginiň ösüş depgini bolsa 110,3 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, söwda ulgamynyň önümçilik kuwwatyndan doly peýdalanmak üçin netijeli işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, içerki bazary we söwda nokatlaryny azyk hem-de ilatyň isleg bildirýän beýleki önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek, ilata edilýän söwda hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak meseleleri hemişe üns merkezinde saklanylmalydyr.

Şeýle hem wise-premýere Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň we Söwda-senagat edarasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şeýle-de ýurduň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ösen döwletleriň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça anyk tabşyryklar berildi.