Turkmenportal logo
Şu gün 10:35
1422814228
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Zyýat Hil» meşhur «Medowik» tortunyň dürli görnüşlerini dadyp görmäge çagyrýar

Köpleriň söýgüsini gazanan «Medowik» torty dürli görnüşlerde bolup biler — «Zyýat Hil» konditer dükany bu nusgawy süýjüligiň dürli täsin görnüşlerini taýýarlap, munuň şeýledigini subut edýär. Bu ýerde her bir müşderi adaty görnüşden has özboluşly görnüşlere çenli öz islegine we tagamyna laýyk gelýän süýjüligi saýlap biler.

Dükanyň haryt görnüşleriniň arasynda adaty «Medowikden» başga-da, ýene-de üç sany özboluşly görnüş bar. Şokoladyň doýgun tagamyny gowy görýänler üçin has gara gatlaklary we güýçli tagamy bilen tapawutlanýan «Spartak» torty örän amatlydyr. Has ýeňil süýjülikleri halaýanlara bolsa näzik kokos gyryndysy sepilen kokosly «Medowik» ýarar. Hozly önümleri gowy görýänler bolsa düzüminde köp mukdarda hoz bolan hozly görnüşini saýlap bilerler.

Tortlaryň ähli görnüşleri iki göwrümde  — 3 we 5 kilogram agramynda elýeterlidir. Bu süýjülikleriň dükanda elmydama taýyn görnüşde bar bolmagy netijesinde, uzak garaşyp oturmazdan, islendik amatly pursatda sargyt etmek mümkindir.

Şeýle hem 150 manatlyk sargyt edilende müşderiler üçin Aşgabat şäheri we Gökdepe etraby boýunça mugt eltip bermek hyzmaty elýeterlidir.

Mundan başga-da, «Zyýat Hil» konditer dükanlarynda yzygiderli ýagdaýda hepdelik aksiýalar geçirilip durulýar. Bu aksiýalaryň esasynda söýgüli tortlaryňyzy we beýleki süýjülikleri has amatly şertlerde satyn alyp bilersiňiz.

«Zyýat Hil» dükanlarynyň salgylary:

Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254-nji jaý
Tel.: (+993 12) 35 37 13, (+993 62) 02 13 61

Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi
Tel.: (+993 12) 29 35 03, (+993 62) 02 13 62

Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat
Tel.: (+993 12) 97 95 06, (+993 62) 02 13 63

«Zyýat Hiliň» sosial ulgamdaky sahypalarynda täze önümler, aýratyn teklipler we süýji pursatlar baradaky maglumatlar bilen yzygiderli tanşyp bilersiňiz.