Turkmenportal logo
Şu gün 10:17
84708470
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň hökümet agzalary 1-nji awgustdan zähmet rugsadyna çykar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan we welaýat häkimlerinden başga, Hökümetiň ýolbaşçylaryna 1-nji awgustdan zähmet rugsadyna çykmaga rugsat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Däp bolşy ýaly, Hökümet agzalary zähmet rugsadyny «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem-de Türkmenistanyň şypahanalarynda geçirerler.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň ikinji ýarymynda «Awazada» döwlet Baştutanlarynyň sammitini we halkara ähmiýetli beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyny ýokary derejede guramak üçin degişli taýýarlyk işleriniň alnyp barylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) başlyklyk edýändigini belläp, GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň hem ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň üpjün edilmelidigini nygtady.