Turkmenportal logo
Düýn 16:27
80838083
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ispaniýanyň günortasyndaky tokaý ýangynynda heläk bolanlaryň sany 12-ä ýetdi

Ispaniýanyň Andalusiýa sebitinde dörän uly tokaý ýangynynda heläk bolanlaryň sany 12 adama ýetdi. Ýangyn Almeriýa welaýatynyň Los-Galýardos etrabynda elektrik geçiriji liniýanyň ýykylmagy sebäpli başlandy diýlip çak edilýär. Güýçli ýel sebäpli ot daş-töwerege gaty çalt ýaýrapdyr — diýip, 10-njy iýulda BBC habar berdi.

Soňky maglumatlara görä, azyndan 50 adam dürli derejeli şikes alypdyr ýa-da tüsseden zäherlenipdir. Müňe golaý ýaşaýjy howpsuz ýerlere göçürildi. Ýangyny söndürmek işlerine harby halas edijiler, ýangyn söndürijiler we lukmançylyk toparlary çekildi. Häkimiýetler bu ýangyny sebitiň taryhyndaky iň uly betbagtçylyklaryň biri hökmünde häsiýetlendirdi.

Häzir ýangyny doly gözegçilik astyna almak boýunça işler dowam edýär. Almeriýadaky bu betbagtçylyk hepdäniň başynda Fransiýanyň günortasynda bolan iri tokaý ýangynyndan gysga wagt soň ýüze çykdy. Şol ýangyn sebäpli Ispaniýa bilen serhede golaý ýerleşýän onlarça şäherdir obadan 10 müňden gowrak adam howpsuz ýerlere göçürilipdi.