9-njy iýulda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Gruziýanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Maka Boçorişwili bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Gruziýanyň DIM-i habar berýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa boljak geljekki sapary bilen baglanyşykly ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.
Gruziýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýetine aratyn üns berildi.
Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da berkitmegiň geljegini belläp geçdiler we ýokary derejedäki gepleşikleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar.