Turkmenportal logo
Şu gün 13:35
77677767
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
UNFPA-nyň Türkmenistandaky wekili: «Ýurtda jemi doguluş koeffisienti bir aýala 2,8 çaga deňdir»

Öň habar berlişi ýaly, Aşgabatda Bütindünýä ilat gününe bagyşlanan çäre geçirildi. Onuň çäginde Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekili 2024-nji ýyl üçin Köp görkezijili klaster barlagynyň ýedinji tapgyrynyň (MICS7) netijelerini hödürledi.

Hödürlenen maglumatlara görä, 2024-nji ýylda ýurtda jemi doguluş koeffisienti bir aýala 2,8 çaga deň boldy — şäher ýerlerinde bu görkeziji 2,6-a, oba ýerlerinde bolsa 3,0-a deňdir. Sebitler boýunça bäş ýylyň dowamyndaky ýagdaý birsydyrgyn däl ýagdaýda boldy: eger 2019-njy ýylda Lebap welaýaty doguluş boýunça öňde barýan bolsa (3,6), 2024-nji ýyla çenli ol 2,9-a çenli peseldi. 2024-nji ýylda iň ýokary görkeziji Arkadag şäherinde (3,5) hasaba alyndy, ondan soňra bolsa koeffisienti 3,0-dan 3,1-e çenli az-kem ýokarlanan Ahal welaýaty gelýär. Aşgabatda we Mary welaýatynda bolsa, tersine, görkeziji ýokarlandy — 2019-njy ýyldaky degişlilikde 2,7 we 2,5-e garanyňda, 2,8-e çenli ösdi. Daşoguz welaýatynda doguluş derejesi 3,1-den 2,7-ä, Balkan welaýatynda bolsa 2,4-den 2,3-e çenli peseldi.

Tanyşdyryşda reproduktiw saglygy goramak ulgamyndaky oňyn dinamika hem bellenilip geçildi. Öz reproduktiw saglygy, göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri we lukmançylyk hyzmatlaryna ýüz tutmak barada özbaşdak karar kabul edýän 15 — 49 ýaş aralygyndaky aýallaryň paýy 2019-njy ýyldaky 42,2%-den (MICS6 maglumatlary boýunça) 2024-nji ýylda 62,1%-e çenli ýokarlandy. Göwrelilik döwründäki gözegçilik bilen gurşap almak hem giňedildi: göwrelilik döwründe azyndan sekiz gezek lukman gözegçiliginden geçen aýallaryň paýy 62,6% boldy.

ÝUNFPA-nyň wekili maşgalany meýilleşdirmek hyzmatlary bilen gurşap almagy giňeltmekde gazanylan ösüşi aýratyn belledi we geljekki işleriň strategik ugurlaryny kesgitledi: ýaşlar üçin reproduktiw saglyk hyzmatlaryny ösdürmek, göwrelilik döwründäki gözegçiligi monitoriniň etmek üçin sanly çözgütleri ornaşdyrmak we çetki oba ýerlerinde, şol sanda eneleriň saglygyny goramak boýunça göçme brigadalar arkaly lukmançylyk kömegine elýeterliligi giňeltmek.