Turkmenportal logo
Şu gün 16:40
27172717
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda RÝNÝ-niň, gozgalmaýan emläkleri bellige alyş gullugynyň we notariuslaryň arasynda özara elektron hereket etmegiň tertibi tassyklanyldy

Türkmenistanyň Adalat ministrligi gozgalmaýan emläkler bilen bagly geleşikleri resmileşdirmekde we beýleki hukuk ähmiýetli hereketleri amala aşyrmaga gatnaşýan üç edaranyň — Raýatlyk ýagdaýynyň namalaryny ýazga almak müdirliginiň (RÝNÝ), Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet sanawyny ýöretmek gullugynyň, şeýle hem notariuslaryň arasynda elektron özara hereket etmegiň täze tertibini tassyklady. Degişli buýruklara şu ýylyň 30-njy martynda gol çekildi we olar 2026-njy ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet belligine alyndy.

​Täzeçilliklere laýyklykda, indi bu üç düzüm zerur bolan maglumatlary bir-birinden diňe bir kagyz görnüşinde däl, eýsem içerki sanly ulgam arkaly — skanirlenen elektron resminamalar görnüşinde hem sorap bilerler. Bu ýerde dogluş, nika, nikanyň bozulmagy we ölüm hakyndaky şahadatnamalar, şeýle hem ynanç hatlary, gozgalmaýan emläge goýlan gadaganlyklar, açylan miras işleri we gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet sanawyndan göçürmeler baradaky kepilnamalar barada gürrüň gidýär.

​Bu ulgamlaýyn gurluşyň hereketi şeýle amala aşyrylýar: eger gozgalmaýan emläge hukuklary bellige almak ýa-da notarial hyzmatlaryny almak üçin ýüz tutan raýatyň ýa-da guramanyň haýsydyr bir resminamasy ýetmezçilik edýän bolsa, bellige alyjy ýa-da notarius ony edaralaryň içerki ulgamynda gurnalan programma üpjünçiligi arkaly RÝNÝ-den ýa-da Gozgalmaýan emläkleri bellige alyş gullugyndan özbaşdak sorap almaga haklydyr. Resminamany taýýarlamak üçin üç iş güni bellenilýär. Resminamanyň elektron nusgasy taýýar bolanyndan soň şol wagtda, kagyz asyl nusgasy bolsa 15 senenama günüň dowamynda sargytçy iberilýär.

​Buýruklarda maglumat alyş-çalşygy geçirilende, edaralaryň Türkmenistanyň şahsy maglumatlary goramak hakyndaky kanunçylygyna eýermelidigi we işgärleriň berilýän maglumatlaryň hakykylygy üçin hereket edýän kanunçylyga laýyklykda jogapkärçilik çekýändikleri aýratyn bellenilýär.

​Bu üýtgeşmeler bellige alyş kitaplarynyň ýöredilişini, raýatlyk ýagdaýynyň namalaryny bellige almagyň tertibini we notarial hereketleri amala aşyrmagyň tertibini düzgünleşdirýän görkezmelere hem-de düzgünnamalara girizildi.