Angliýanyň futbol ýygyndysy 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda Meksikanyň ýygyndysyny 3:2 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Mehiko şäherinde geçirildi.
Angliýanyň düzüminde gollary Jud Bellingem (36-njy we 38-nji minutlarda) hem-de Garri Keýn (60-njy minutda, 11 metrlik jerime urgusyndan) geçirdi. Meksikanyň ýygyndysyndan bolsa Hulian Kinýones (42-nji minutda) we Raul Himenes (69-njy minutda, 11 metrlik jerime urgusyndan) tapawutlandy. Duşuşygyň 54-nji minutynda Angliýanyň goragçysy Jarell Kuansa düzgüni gödek bozandygy üçin gyzyl duýduryş alyp, meýdançadan çykaryldy.
Çärýek finalda Angliýanyň ýygyndysy Braziliýany 2:1 hasabynda ýeňen Norwegiýanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Oýun 12-nji iýulda geçiriler.
Meksikanyň ýygyndysy şu Dünýä çempionatynda 1/8 final tapgyrynda ýaryşdan çykan ikinji kabul ediji ýurt boldy. Ondan öň Kanadanyň ýygyndysy Marokkanyň toparyndan 0:3 hasabynda utulyp, çempionat bilen hoşlaşypdy. Ýaryşy kabul edýän beýleki ýurt – ABŞ-nyň ýygyndysy bolsa 7-nji iýulda 1/8 finalda Belgiýa bilen duşuşar.
Angliýanyň ýygyndysy yzly-yzyna üçünji gezek Dünýä çempionatynyň çärýek finalyna çykmagy başardy. Iňlisler 2018-nji ýylda dördünji orny eýeläpdi, 2022-nji ýylda bolsa çärýek final tapgyrynda ýaryşdan çykypdy. Meksikanyň ýygyndysy bolsa soňky 40 ýylyň dowamynda ilkinji gezek çärýek finala çykyp bilmedi. Meksikalylaryň Dünýä çempionatlaryndaky iň gowy netijesi 1970-nji we 1986-njy ýyllarda gazanylan çärýek finala çykanlygy bolup galýar.
2026-njy ýylyň Dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýär. Taryhda ilkinji gezek ýaryşa 48 ýurduň milli ýygyndysy gatnaşýar. Çempionat 19-njy iýulda tamamlanar. Häzirki dünýä çempiony bolsa Argentinanyň ýygyndysydyr.