Turkmenportal logo
Düýn 13:09
79317931
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Bilelikde ýaşyl geljege!»: Aşgabatda eko-festiwaly geçirildi

​4-nji iýulda «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezinde «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly ekologiýa festiwaly geçirildi. Bu çäre ekologiýa medeniýetini ylym we tejribe bilen baýlaşdyran özboluşly bir meýdança öwrüldi. Çäräni «Bilelik Hub» döredijilik merkeziniň binýadynda «Ýaşyl tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy gurnady.

​Çäre öz taslamalaryny hödürlän we täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýan eko-meýletinçileriň tejribe alyşmagy üçin özboluşly meýdança hyzmat etdi.

​Körpe myhmanlar oýun görnüşinde daşky gurşawa aýawly çemeleşmegiň möhümdigi bilen tanyşdylar. Programmanyň ylmy-bilim bölümi çagalarda uly gyzyklanma döretdi. Tebigat ylymlary boýunça görkezme esbaplar, täsirli himiki tejribeler we janly organizmleriň öýjüklerini mikroskop arkaly synlamak mümkinçiligi çagalarda ylmy barlaglara bolan höwesi oýardy.

​Döredijilik ussahanalarynda gatnaşyjylar çeperçiligiň inçe syrlaryny öwrendiler we gaýtadan işlenen çig mallardan owadan bezeg serişdelerini ýasap, köne zatlara «ikinji ömür» berdiler.

​Baýrama türkmen milli nagyşlaryny we häzirki zaman dizaýnyny utgaşdyrýan döwrebap önümleriň sergisi aýratyn öwüşgin çaýdy.

​Baýramçylyk ýagdaýyny sowuk içgiler, datly doňdurmalar, şeýle-de belli artistleriň we tans toparlarynyň çykyşlary has-da baýlaşdyrdy.

​«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň metbugat beýannamasyna görä, festiwalyň işjeň gatnaşyjylaryna guramaçylar we hemaýatkärler tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.