Turkmenportal logo
Düýn 22:14
47334733
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Balkanabat» ýod zawodynda täze döwrebap önümçilik ýola goýlar

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda wise-premýer B.Annamämmedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň, hususan-da «Balkanabat» ýod zawodynyň önümçiligini artdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda ýerli çig mal serişdelerinden rejeli we netijeli peýdalanmagyň hasabyna ýurduň himiýa senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek maksady bilen innowasion tehnologiýalara esaslanýan täze himiýa kärhanalary gurlup ulanmaga berilýär hem-de täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Şunda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň himiýa senagatyny ösdürmek, eksporta niýetlenilen önümçilikleri ýola goýmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de «Balkanabat» ýod zawodynda täze döwrebap önümçiligi ýola goýmak boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmek babatda tabşyryklary berdi.