Turkmenportal logo
Şu gün 11:42
26432643
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
MASEM-iň Türkmenistandaky taslama edarasy Gazak-Nemes uniwersiteti bilen bilelikde hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berýär

Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň (MASEM) Türkmenistandaky taslama edarasy suw serişdelerini toplumlaýyn dolandyrmak, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi we durnukly ösüş ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak babatda Gazagystanyň Almaty şäherindäki Gazak-Nemes uniwersiteti (DKU) bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirýär.

Hyzmatdaşlygyň çäklerinde 2024-nji ýylda Gazak-Nemes uniwersitetiniň Suw serişdelerini toplumlaýyn dolandyrmak fakultetine Türkmenistandan Nurberdi Ataýew we Menli Ataýewa okuwa kabul edildi. Olar okuwlaryny üstünlikli tamamlap, magistrlik işlerini goradylar we magistr akademiki derejesine mynasyp boldular.

MASEM-iň Türkmenistandaky taslama edarasy yzly-yzyna üçünji ýyl Gazak-Nemes uniwersitetiniň magistraturasyna girmäge dalaşgärlik edýän türkmen raýatlaryna maglumat, maslahat we guramaçylyk goldawyny berýär. Bu işler ýaşlaryň akademiki işjeňligini giňeltmäge hem-de ekologiýa we tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak ugurlarynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.

MASEM-iň Türkmenistandaky taslama edarasynyň direktory Mergen Kepbanow adam maýasyny ösdürmegiň durnukly geljege goýulýan möhüm maýa goýumdygyny belledi. Şeýle hem ol uçurymlaryň alan bilimleriniň we başarnyklarynyň Türkmenistanyň hem-de sebitiň durnukly ösüşine mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

MASEM-iň Türkmenistandaky taslama edarasy hyzmatdaşlyk üçin Gazak-Nemes uniwersitetiniň ýolbaşçylaryna we professor-mugallymlar düzümine hoşallyk bildirip, Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşi üçin hünärli işgärleri taýýarlamak maksady bilen sebitiň bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek isleýändigini aýtdy.