Turkmenportal logo
Şu gün 01:19
30653065
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Niderlandlarda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionatyny we gözellik bäsleşigini geçirer

2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlaryň Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty we gözellik bäsleşigi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen brifingde habar berildi.

Çäräni «Türkmen atlary» döwlet birleşigi bilen Ahalteke atlarynyň Ýewropa assosiasiýasy bilelikde guraýar. Çempionat Türkmenistanda 2026-njy ýylda bellenilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ̶ bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen geçirilýän ýylyň çäklerinde guralýar.

Çempionatyň maksatnamasyna atçylyk-sport ýaryşlary, ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi, ahalteke atlarynyň tohumyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat, şeýle hem türkmen halkynyň medeniýetini we däp-dessurlaryny şöhlelendirýän sergi giriziler. Şeýle-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň çykyşlary meýilleşdirilýär. Çärelere Türkmenistanyň wekilçilikli wekiliýetiniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Brifinge gatnaşyjylaryň bellemegine görä, çempionat halkara ähmiýetli waka öwrüler we onuň myhmanlaryna Türkmenistanyň baý medeni mirasy bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döreder.

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory Ahmet Berdiýew brifingde çempionatyň çäklerinde geçiriljek sergi-ýarmarkanyň deslapky konsepsiýasy barada gürrüň berdi.

Sergi-ýarmarka üçin «Pilbergen» atçylyk-sport toplumynyň «Maýa Delorez» arenasynyň 125×70 metr möçberdäki meýdany göz öňünde tutulýar. Bu meýdan bäş aýratyn zolaga bölünmegi meýilleşdirilýär.

Birinji zolakda ýedi sergi pawilýony ýerleşdiriler. Olar «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň işini görkezýän üç pawilýondan ybarat bolar. Her bir pawilýonyň bezegi we mazmuny degişli pudagyň aýratynlyklaryny açyp görkezer.

«Türkmen atlary» pawilýonynda ahalteke bedewlerini köpeltmek, gorap saklamak we dünýäde wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler, tohumçylyk-seleksiýa ugrunda gazanylan üstünlikler hem-de atlara ideg etmek babatda toplanan tejribe görkeziler. Medeniýet ministrliginiň pawilýony ýurduň taryhy-medeni mirasyna we häzirki zaman milli sungatynyň ösüşine bagyşlanar. Dokma senagaty ministrligi häzirki zaman önümçilik kärhanalarynda öndürilýän matalary, egin-eşikleri we trikotaž önümlerini tanyşdyrar. «Türkmenhaly» pawilýonynda bolsa türkmen halyçylyk sungatynyň däp bolan hem-de döwrebap nusgalary görkeziler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň üç pawilýonynyň birinjisinde milli tikinçilik we zergärçilik sungaty, ikinjisinde saz sungaty we heýkeltaraşlyk, üçünjisinde bolsa küýzegärçilik hem-de keramika sungaty görkeziler.

Ikinji zolakda çempionatyň açylyş we ýapylyş dabaralary, şeýle hem sylaglamak çäreleri üçin esasy sahna ýerleşdiriler. Üçünji zolak türkmen milli etnografik toplumy görnüşinde bezeler. Onda däp bolan «gara öýler», oturylýan sekiler we tamdyrlar gurlar. Şeýle hem bu zolakdaky ekspozisiýalar Türkmenistanyň bäş welaýatyna, Aşgabat we Arkadag şäherlerine bagyşlanar. Dördünji zolakda milli türkmen tagamlary hödürlenjek naharhana meýdançasy guralar. Bäşinji zolak bolsa «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary üçin manež hökmünde peýdalanylar.

Serginiň aýratyn bölümleriniň biri ahalteke bedewlerine bagyşlanan milli şaý-sepler we sungat eserleriniň ekspozisiýasy bolar. Onda milli zergärçilik önümleri, at esbaplarynyň bezeg bölekleri, şeýle hem ahalteke bedewleriniň keşbini açyp görkezýän nakgaşlyk, grafika we heýkeltaraşlyk eserleri görkeziler.

Ahmet Berdiýewiň sözlerine görä, çempionatyň çäklerinde sergi-ýarmarkanyň geçirilmegi Türkmenistanyň baý medeni mirasa, atçylyk pudagynda ýokary hünär ussatlygyna we milli senetçilik däplerine eýe ýurt hökmünde halkara abraýynyň has-da pugtalanmagyna goşant goşar.