Turkmenportal logo
Düýn 17:48
28732873
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ÝUNISEF: dünýäde 20 milliondan gowrak çaga emeli aňy eýýäm ulanyp bilýär

ÝUNISEF-iň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda dünýäde 20 milliondan gowrak çaga emeli aň (EA) tehnologiýalaryny ulanyp bilýär. Mundan başga-da, çagalar bu tehnologiýalary özleşdirmekde ululardan üç esse çalt depginde öňe gidýärler. Bu netijeler on ýurtda geçirilen barlaglaryň esasynda taýýarlanan ÝUNISEF-iň seljermesinde getirilýär. Bu barada BMG-niň habarlar gullugyna salgylanyp, Kazinform habar berýär.

Çagalaryň arasynda emeli aňyň iň köp ulanylýan ugurlarynyň biri bilimdir. Takmynan 13 million ýaş ulanyjy sapaklara taýýarlanmak, öý işlerini ýerine ýetirmek we okuw boýunça goşmaça kömek almak üçin emeli aňdan peýdalanýar.

Şol bir wagtyň özünde emeli aňyň ulanylyş çägi diňe bilim bilen çäklenmeýär. Iki milliondan gowrak çaga özlerini biynjalyk edýän ýa-da goldaw talap edýän meseleler boýunça maslahat almak üçin hem emeli aňy ulanýandygyny aýdýar. Hünärmenleriň bellemegine görä, tehnologiýalar ulanyjylary, aýratyn-da çagalary goramak mehanizmleriniň kämilleşmeginden has çalt depginde ösýär.

ÝUNISEF çagalaryň emeli aňyň ýeterlik derejede düzgünleşdirilmezliginiň netijeleri bilen ilkinji ýüzbe-ýüz bolýan toparlaryň biridigini nygtaýar. Şeýle-de bolsa, olar şeýle ulgamlaryň işlenip düzülmegine, olaryň iş ýörelgeleriniň kesgitlenmegine we şahsy maglumatlaryň ulanylmagy bilen baglanyşykly çözgütleriň kabul edilmegine asla gatnaşmaýarlar diýen ýalydyr.

Bilermenleriň pikiriçe, emeli aň bilim, döredijilik we çagalaryň ösüşi üçin täze mümkinçilikleri açyp biler. Şeýle-de bolsa, onuň akyl ýetiriş ukyplaryna we özüni alyp barşyna ýetirýän uzak möhletleýin täsiri heniz doly öwrenilmedi. Guramanyň baha bermegine görä, häzirki nesil çagalary aslynda giň gerimli global synagyň şertlerinde ösüp ulalýar.

Şol bir wagtyň özünde çagalaryň özleri hem emeli aň bilen bagly bolup biljek howplar barada alada bildirýärler. On ýurtda geçirilen barlagyň gatnaşyjylarynyň takmynan üçden biri emeli aňyň galplyk etmek, ýalan maglumatlary ýaýratmak we adamlary aldamak üçin ulanylmagyndan howatyrlanýandygyny aýtdy. Şeýle hem her dört çaganyň biri öz suratlarynyň ýa-da wideoýazgylarynyň esasynda dipfeýkleriň, ýagny emeli aň (AI) arkaly adamyň ýüzüni, sesini ýa-da hereketini hakykata meňzeş edip üýtgetmek ýa-da döretmek tehnologiýasynyň döredilmegi ähtimallygy sebäpli alada edýändigini mälim etdi.

Emeli aňy dolandyrmak meseleleri boýunça geçiriljek ilkinji Ählumumy dialogyň öňüsyrasynda ÝUNISEF döwletleri, tehnologiýa kompaniýalaryny we halkara guramalary emeli aňy düzgünleşdirmek ulgamynda çagalaryň howpsuzlygyny we hukuklaryny esasy ýörelgeleriň birine öwürmäge çagyrýar.

Gurama emeli aňyň çagalara ýetirýän täsirini öwrenýän ylmy barlaglary giňeltmegi, kompaniýalaryň jogapkärçiligini güýçlendirmegi, tehnologiýalaryň aç-açanlygyny ýokarlandyrmagy, çagalar bilen ene-atalaryň sanly sowatlylygyny ösdürmegi hem-de sanly mümkinçiliklere howpsuz elýeterliligi üpjün etmegi maslahat berýär.