Turkmenportal logo
Şu gün 11:46
16931693
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Natalýa Kaluginanyň we Gennadiý Osipowyň eserleriniň çeperçilik sergisi açyldy

Aşgabatdaky Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty sergi merkezinde Natalýa Kaluginanyň we onuň ogly Gennadiý Osipowyň eserlerinden ybarat bilelikdäki çeperçilik sergisi geçirilýär.

Suratkeşleriň hersiniň özboluşly döredijilik usuly bar. Şonuň üçin olaryň eserleriniň bir sergide jemlenmegi «nesilleriň dialogy» hökmünde göz öňünde tutuldy — diýip, Halkara maglumat merkezi (HMG) habar berýär.

Sergi guralanda eserler awtorlar boýunça aýratyn bölümlere bölünmän, bilkastlaýyn garyşyk görnüşde ýerleşdirildi. Şeýle çemeleşme myhmanlara iki suratkeşiň döredijilik ýörelgeleriniň arasyndaky tapawudy aýdyň görmäge mümkinçilik berýär.

Natalýa Kaluginanyň suratlary nusgawy žanrda ýerine ýetirilip, ýumşak reňk öwüşginleri, jikme-jik işlenişi we türkmen tebigatynyň hem-de taryhy ýadygärlikleriniň gözelligini açyp görkezýän çuň manyly mazmuny bilen tapawutlanýar.

Sergide suratlar bilen birlikde onuň tebigy daşlardan taýýarlan awtorlyk şaý-sepleri hem görkezilýär.

Gennadiý Osipow bolsa şekile we reňke düýbünden başgaça çemeleşýändigini görkezýär. Onuň eserleri sergä häzirki zaman ruhuny, dinamizmi, grafiki beýan ediş usulyny, täsirli ekspressiýany we batyrgaý kompozision çözgütleri getirýär.

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty sergi merkezindäki bu sergi 8-nji iýula çenli myhmanlar üçin açyk bolar.

Aşgabatda Natalýa Kaluginanyň we Gennadiý Osipowyň eserleriniň çeperçilik sergisi açyldy | Turkmenportal.com