Turkmenportal logo
Düýn 23:19
51025102
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Türkiýäniň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Rejep Taýyp Ärdogan türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi hem-de Gahryman Arkadagyň türk-türkmen dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandyny belledi. Şeýle hem pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda edýän tagallalary we uly şahsy goşandy üçin Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda syýasy, ykdysady-söwda we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga türkmen-türk gatnaşyklarynda möhüm ornuň degişlidigi bellenildi. Söwda ulgamyndaky hyzmatdaşlykda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň aýratyn orny nygtaldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.