Belet striming hyzmatynyň kitaphanasyna ABŞ-da surata düşürilen «Örän gorkunç kino 6» (Scary Movie, 2026) komediýa-parodiýa filmi goşuldy. Bu meşhur franşizanyň soňky 13 ýyldan soň ekranlara çykan ilkinji bölümi boldy. Ondan öňki film 2013-nji ýylda çykypdy.
Altynjy bölümiň üstünde ýene-de franşizanyň ilkinji iki filmini döreden doganlar Ueýanslar: Kinen Aýwori, Marlon we Şon Ueýans işlediler. Filmiň baş gahrymanlary Sindi, Brenda, Reý we Melki 26 ýyl ozalky elhenç wakalary ýene bir gezek başdan geçirmeli bolýarlar. Olar ýüzüni örtük bilen gizlän ganhora ýene-de duş gelýärler. Baş keşplerde Anna Farris, Rejina Holl, Marlon Ueýans we Kris Elliott çykyş edýär.
Filmiň dünýä boýunça premýerasy 2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda geçirildi. Prokatyň ilkinji dynç günlerinde bu kino eseri ABŞ-da 55 million dollar girdeji gazanyp, franşizanyň taryhynda täze rekord goýdy.
«Örän gorkunç kino 6» filmini Belet platformasynda «Standart» abunasy arkaly görüp bolýar.