Turkmenportal logo
29.06.2026
90509050
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Neda Berger türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Awstriýa–Türkmen jemgyýetiniň başlygy Neda Berger türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada TDH agentligi habar berýär.

Neda Berger Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň Milli Lideri hökmünde alyp barýan işiniň Garaşsyz, hemişelik Bitarap we demokratik Türkmenistanyň dünýä bileleşiginde, şol sanda Awstriýa Respublikasynda hem ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny belledi. Onuň parasatlylygy, strategik garaýşy we ýadawsyz zähmeti, Bergeriň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň we rowaçlygynyň berk binýadyna öwrüldi.

Jemgyýetiň başlygy 2024-nji ýylda özüniň ýubileýi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözbaşy ýazan goşgular ýygyndysynyň neşir edilendigi, şeýle hem şol ýylda Arkadag şäherinde geçirilen VI Wena balyny bilelikde açmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Şeýle hem Neda Berger şu ýylyň 8-nji aprelinde Wenada geçirilen duşuşyk hem-de türkmen-awstriýa medeni we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işine ýokary baha berlendigi üçin hoşallygyny beýan etdi.

Gutlag hatynyň ahyrynda Awstriýa–Türkmen jemgyýetiniň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür hem-de Türkmenistanyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.