Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Gutlag hatynda şeýle bellenilýär:
«Siz köpýyllyk döwlet işiňiz bilen Türkmenistanyň raýatlarynyň çuňňur hormatyna we halkara giňişlikde uly abraýa mynasyp bolduňyz. Biz Siziň döwletlerimiziň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek boýunça tagallalaryňyza ýokary baha berýäris.
Russiýa bilen Türkmenistanyň gatnaşyklarynyň dostlukly halklarymyzyň we Merkezi Aziýa, Hazar deňzi sebitlerinde durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, rowaçlyk we üstünlikleri arzuw edýärin».