Turkmenportal logo
Şu gün 10:41
24402440
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýapon–türkmen parlamentara dostluk toparynyň ozalky başlygyna Türkmenistanyň medaly gowşuryldy

25-nji iýunda Tokioda Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon–türkmen parlamentara dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik kümüş nyşany dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan sylaglary Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A. Baýramow gowşurdy.

Dabarada A. Baýramow, Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň parlamentiň işleri boýunça orunbasary Eri Arfiýa we Ýaponiýa–türkmen parlamentara dostluk toparynyň täze başlygy Şinpeý Matsuşita çykyş edip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de Toşiaki Endonyň döwletara we parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşan uly goşandyny bellediler.

Toşiaki Endo jogap çykyşynda Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna onuň işine berlen ýokary baha üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi we mundan beýläk hem dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigini tassyklady.