Turkmenportal logo
Düýn 23:03
68456845
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti birnäçe duşuşyklary geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti, ilki bilen, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Onuň dowamynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekilhanasynyň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady durmuşynyň möhüm ugurlary öz içine alýan onlarça bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilendigi bellenildi. Munuň özi durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmäge berýär. Şeýle hem BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň her bir ýurduň özboluşly aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan ýurt boýunça maksatnamalarynyň ähmiýeti nygtaldy. «Biziň haýyr-sahawat gaznamyz üçin bu strategiýanyň çäginde jemgyýetiň abadançylygyny ýokarlandyrmak, saglygy goraýyş hem-de durmuş goraglylygy ulgamlaryny pugtalandyrmak ýaly ugurlar aýratyn orna eýedir» diýip, O.Atabaýewa belledi.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şuminiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ynsanperwer ulgamdaky dialogy giňeltmegiň ähmiýeti, çagalaryň saglygyny goramak ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Gaznanyň hytaýly hyzmatdaşlaryň netijeli tekliplerine seretmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Şeýle hem şu gün Oguljahan Atabaýewa Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rana Abu Hijleh bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ilçi Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna iberilen ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine Palestinanyň ýolbaşçylarynyň adyndan hoşallygyny beýan etdi.   

Duşuşyklaryň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de duşuşyga gatnaşyjylar ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.