23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada geçirilýän OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşdy.
«Ertirki günümiziň mümkinçiliklerini giňeldýän geçiş» şygary astynda geçirilýän bu forum dünýäniň dürli künjeklerinden hökümetleriň, ösüş institutlarynyň wekillerini hem-de işewürlik ulgamynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemleýär. 2026-njy ýyldaky forumyň geçirilmegi OPEK Halkara ösüş gaznasynyň döredilmeginiň 50 ýyllygyna gabat gelýär diýlip, Türkmenistanyň DIM-inip saýtynda berilýän habarda bellenilýär.
Wena saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti OPEK Halkara ösüş gaznasynyň prezidenti, doktor Abdulhamid Alhalifa, Abu-Dabi Ösüş gaznasynyň Baş direktory Mohammed Saif Al Suwaidi hem-de Türkdi döwletleriň Maýa goýum gaznasynyň prezidenti Bagdad Amreýew bilen duşuşyklary geçirdi.