Turkmenportal logo
Şu gün 16:01
22872287
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi FLEX maksatnamasynyň gatnaşyjylary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew FLEX («Geljekki liderleriň alyş-çalyşy») maksatnamasynyň çäklerinde ABŞ-nyň orta mekdeplerinde 2025–2026-njy okuw ýylyny üstünlikli tamamlan türkmen talyplary bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy talyplary maksatnamany üstünlikli tamamlamagy bilen gutlap, olara geljekde okuwlarynda üstünlik arzuw etdi hem-de bilim alyş-çalyş maksatnamalarynyň iki ýurduň arasynda özara düşünişmegi, dostlugy we şahsy gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky möhüm ornuny nygtady.

Çärä ilçihananyň geňeşçisi Meret Orazow hem gatnaşdy. Ol öz çykyşynda talyplary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli döwlet gurluşynyň esasy ösüş tapgyrlary bilen, şeýle hem 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygary bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, ýokary derejedäki soňky duşuşyklar we C5+1 görnüşindäki hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda ilçihananyň Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky syýasy, ykdysady, bilim we medeni gatnaşyklary ösdürmek boýunça alyp barýan işleri barada hem aýratyn durlup geçildi.

Çäre FLEX maksatnamasynyň gatnaşyjylary bilen pikir alyşmak arkaly tamamlandy.

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi FLEX maksatnamasynyň gatnaşyjylary bilen duşuşdy | Turkmenportal.com