Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy hem-de welaýatda dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Gäwers» daýhan birleşigine bardy. Bu ýerde kärendeçiniň haýyşy boýunça döwlet Baştutany «Bismilla» bilen daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaýyň bir dessesini ordy we galla oragyna ak pata berdi. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti kärendeçi D.Muhammetsähedow bilen söhbetdeş bolup, olaryň iş şertleri, maşgala ýagdaýlary kärende ýerinde ösdürip ýetişdirýän ekinleriniň görnüşleri, galla meýdanlarynyň hasyllylygy bilen gyzyklandy. Şeýle hem gök-bakja önümleriniň, miweleriniň, däneli ekinleriň görnüşleriniň, çörek we çörek önümleriniň sergisini synlady. Soňra bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew Türkmenistanyň Prezidentine ýurt boýunça dowam edýän galla oragy möwsüminiň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany soňra kärendeçi D.Muhammetsähedowa özüniň sowgatlaryny gowşurdy. Kärendeçi Şa serpaýy hem-de daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.