Turkmenportal logo
Şu gün 09:39
15691569
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň demirgazygynda ýeralma hasylyny ýygnamaga girişildi

Daşoguz welaýatynda daýhanlar ýeralma hasylyny ýygnamaga girişdiler. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, şu ýyl ýeralma 880 müň gektar meýdanda ekildi.

Ýeralma hasylyny ýygnamaga ilkinji bolup Boldumsaz etrabynyň «10 ýyl Abadanlyk» daýhan birleşiginde girişildi. Bu ýerde ekin 345 gektar meýdanda ösdürilip ýetişdirildi.

«G. Atamedow» adyndaky daýhan birleşiginde bu ekin birneme kiçi meýdany eýelese-de, hojalykda 840 tonna çenli ýeralma taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda ýetişdirilen hasyl ýokary depginde ýygnalýar. Bu ýerde ýeralma şu ýyl 500 gektar meýdanda ösdürilip ýetişdirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda welaýatda ýokary hasyl berýän, kesellere durnukly we idegi ýeňil bolan ýeralma sortlarynyň saýlanyp alynmagynyň netijesinde her ýyl ýokary görkezijiler gazanylýar.

Türkmenistanyň demirgazygynda ýeralma hasylyny ýygnamaga girişildi | Turkmenportal.com