Yragyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Grem Arnold toparynyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda Norwegiýa garşy haýran galdyryjy netije görkezmegi maksat edinýändigini aýtdy. Duşuşyk Boston şäherinde geçiriler.
«Biz öz güýjümize ynanmaly we batyrgaý oýnamaly. Diňe dünýä çempionatyna gatnaşmak ýeterlik däl. Biz ýeňmeli we dünýäni geň galdyrmaga synanyşmalydyrys» — diýip, Arnoldyň sözlerini France 24 teleýaýlymy getirýär.
Tälimçi «Manchester Citi» klubynyň hüjümçisi Erling Holanda garşy boljak oýun bilen baglanyşykly soraga jogap bermek bilen: «Ol ajaýyp futbolçy. Ýöne biz öz güýjümize ynanmaly we meýdança çykmakdan gorkmaly däl» — diýip belledi.
Yragyň milli ýygyndysy şu gezekki dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyny iň soňky gazanan topar boldy. Topar öz taryhynda ikinji gezek dünýä çempionatynda çykyş edýär. Ilkinji gezek bu waka 1986-njy ýylda Meksikada geçirilen ýaryşda bolupdy we şonda topar öz toparçasynda soňky orny eýeläpdi. FIFA-nyň reýtinginde Yrak 57-nji, olaryň garşydaşy bolan Norwegiýa bolsa 31-nji orny eýeleýär.
Dünýä çempionaty ilkinji gezek 48 milli ýygyndynyň gatnaşmagynda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýär. Ýaryş 19-njy iýulda tamamlanar.