Turkmenportal logo
Şu gün 08:35
42694269
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri HHR-nyň Başlygyny doglan güni mynasybetli gutlady  

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

«Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky köpasyrlyk dostlukly we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga Siziň goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gutlagynda belleýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak we milli bähbitleri nazara almak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň halkara giňişliginde özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýandygyny belläp, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine berk ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri mümkinçilikden peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Ozal Türkmenistanyň Prezidentiniň hem Hytaýyň Başlygyna gutlag ýollandygyny habar beripdik.