Turkmenportal logo
Düýn 23:03
68186818
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Republikasynyň Başlygy Si Szinpine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

«Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda Hytaý Halk Respublikasy durmuş-ykdysady ösüşinde, halkara abraýyny berkitmekde we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda uly üstünlikleri gazandy» diýlip, döwlet Baştutanynyň Gutlagynda bellenilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gutlagynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini hem-de däp bolşy ýaly, deňhukuklylyk, özara hormat gaýmak we birek-biregiň bähbitlerini nazara almaga esaslanýan ikitaraplaýyn strategik we giň gerimli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini belläp, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde türkmen-hytaý döwletara strategik hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de yzygiderli pugtalandyryljakdygyna hem-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş we abadançylyk arzuw etdi.