Goragçy Mark Kukurelýa Angliýanyň «Çelsi» klubyndan hemişelik esasda Ispaniýanyň «Real Madrid» klubyna geçdi. Bu barada «Çelsi» futbol klubunyň resmi saýtynda habar berildi.
27 ýaşly futbolçy «Çelsi» klubyna 2022-nji ýylyň tomsunda «Braýton» klubyndan goşulypdy. Londonyň toparynyň düzüminde ol geçen ýyl UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň hem-de FIFA-nyň Klublar dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy.
Kukurelýa «Çelsidäki» çykyşlary döwründe yzygiderli Ispaniýanyň milli ýygyndysyna çagyryldy. Ol 2024-nji ýylda Ýewropanyň çempionatynyň hem ýeňijisi boldy.
«Real Madrid» kluby futbolçynyň transferi boýunça «Çelsi» bilen ylalaşyga gelnendigini mälim etdi. Taraplaryň baglaşan şertnamasyna laýyklykda, Kukurelýa Madridiň kluby bilen alty möwsüm möhletli şertnama gol çeker. Şertnama 2032-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket eder.
«Çelsi» kluby goragça toparyň üstünliklerine goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, oňa futbol ýolunyň täze tapgyrynda üstünlikleri arzuw etdi.