Turkmenportal logo
Düýn 13:42
1025710257
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
AZERTAJ: Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjana sapary meýilleşdirilýär. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet habarlar agentligi (AZERTAJ) habar berýär.

Neşiriň berýän habaryna görä, Türkmenistanyň Bakudaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gurbanmämet Elýasow «Günorta Kawkazda parahatçylygy berkarar etmek: ählumumy howpsuzlyga sebit goşandy» atly halkara maslahatyň çäklerinde geçirilen «Parahatçylygy berkarar etmegiň guraly: ählumumy wezipeleriň çygrynda partiýa diplomatiýasy» atly umumy mejlisde çykyş edip, geljekki döwletara wakalar barada habar berdi.

«Saparyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekilmegine garaşylýar. Bu resminamalar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge möhüm goşant goşar» diýlip, habarda bellenilýär.