Turkmenportal logo
Düýn 19:52
44394439
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Toyota täze Lexus elektromobil taslamasyndan ýüz öwürdi

Toyota Motor kompaniýasy işlenip taýýarlanylmagy tamamlanyp barýan Lexus LF-ZC elektromobil taslamasynyň ýatyrylandygyny yglan etdi. Bu çözgüt modeliň köpçülikleýin önümçiligi üçin zerur bolan önümçilik enjamlaryna maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilen maslahatda kabul edildi — diýip, drom.ru saýty habar berýär.

Toyota kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Ýuki Nakajimanyň sözlerine görä, LF-ZC tehnologiýa taýdan örän öňdebaryjy elektromobil hökmünde göz öňünde tutulypdy. Onuň göteriji gurluşynda GigaCast tehnologiýasy arkaly öndürilen ýeňil garyndyly guýma bölekleri, şeýle hem elektrik güýç ulgamynyň ykjam komponentleri giňden ulanylmalydy.

Nakajima taslamadan ýüz öwrülmeginiň anyk sebäbini mälim etmedi. Bar bolan maglumatlara görä, bu çözgüt ulagyň önümçilik gymmatynyň ýokary bolmagy ýa-da kompaniýanyň bu modele ýeterlik islegiň boljakdygyna şübhelenmegi bilen baglanyşykly bolup biler.

Şeýle-de bolsa, LF-ZC taslamasynyň çäklerinde döredilen käbir tehnologiýalar we işläp taýýarlamalar kompaniýanyň geljekki modellerinde ulanylar.

Toyota kompaniýasynyň wise-prezidenti taslamanyň ýatyrylandygy baradaky habaryň LF-ZC-niň üstünde işlän köp hünärmenler tarapyndan gynanç bilen kabul edilendigini hem belledi. Sebäbi bu taslamanyň döredilmegine ep-esli wagt hem zähmet sarp edilipdi.

Lexus LF-ZC-niň hereket edip bilýän nusgasy 2023-nji ýylyň güýzünde Tokioda geçirilen halkara awtosergisinde tanyşdyrylypdy. Uzynlygy 4,75 metre deň bolan bu ulag aerodinamiki taýdan kämil möçbere eýe bolup, onuň howa garşylyk koeffisiýenti (Cd) bary-ýogy 0,2-ä deňdi. Tapgyrlaýyn önümçilige goýberiljek görnüşiniň bir gezeklik zarýad bilen 1000 kilometre çenli ýol geçmegi meýilleşdirilipdi.

Toyota täze Lexus elektromobil taslamasyndan ýüz öwürdi | Turkmenportal.com