Turkmenportal logo
Şu gün 09:48
37073707
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Emeli aňyň kömegi bilen döredilen «dinozawryň derisinden» taýýarlanan zenan torbasy Parižde auksiona çykaryldy

Parižde geçirilýän auksiona söwda guramaçylarynyň «dünýäde ilkinji gezek tirannozawr reksiň derisiniň esasynda işlenip taýýarlanan materialdan öndürilen torba» diýip häsiýetlendirýän aksessuary çykaryldy. Lotuň başlangyç bahasy 300 müňden 500 müň ýewro aralygynda kesgitlenildi — diýip, vc.ru internet neşiri habar berýär.

Bu önümi döretmek üçin alymlar tirannozawr reksiň galyndylaryndan beloklary çykardylar, emeli aňyň kömegi bilen kollageniň gurluşyny gaýtadan dikeltdiler we soňra häsiýetleri boýunça dinozawryň derisine meňzeş biomaterialy ösdürip ýetişdirdiler.

Şol bir wagtyň özünde, birnäçe hünärmen bu taslamany tankyt edip, gürrüňiň gadymy haýwanyň hakyky derisi barada däl-de, diňe onuň çak edilýän aýratynlyklaryndan ylham alnyp döredilen barlaghana biomaterialy barada gidýändigini bellediler.