SpaceX kompaniýasynyň paýnamalarynyň ilkinji gezek biržada ýerleşdirilmegi (IPO) birnäçe ýyl mundan ozal mümkin däl ýaly görünýän netijäni gazandy — Ilon Mask resmi taýdan adamzat taryhynda ilkinji trillioner boldy.
SpaceX bir paýnamasynyň ýerleşdiriş bahasynyň 135 ABŞ-nyň dollary derejesinde kesgitlenendigini mälim etdi. Bu kompaniýanyň bazar bahasyny takmynan 1,77 trillion dollar hökmünde bahalandyrmaga mümkinçilik berýär. IPO-nyň netijeleri boýunça Maskyň SpaceX-däki paýynyň gymmaty takmynan 830 milliard dollar boldy. Onuň Tesla kompaniýasyndaky 290 milliard dollarlyk paýnamalary hem hasaba alnanda, umumy baýlygy 1,1 trillion dollara ýetdi — diýip, The Washington Post neşiri habar berýär.
Deňeşdirmek üçin aýdylsa, Forbes neşiri iýun aýynyň başynda Maskyň baýlygyny takmynan 788,8 milliard dollar diýip bahalandyrypdy. Şeýlelikde, telekeçi birnäçe günüň dowamynda baýlygyna 300 milliard dollardan gowrak serişde goşdy.
54 ýaşly Mask üçin SpaceX-iň birža çykmagy Tesla kompaniýasyndan soňky ikinji iri IPO boldy. Ol Teslany mundan 16 ýyl ozal birža çykarypdy. Häzir ol ABŞ-nyň iň gymmatly sekiz kompaniýasynyň ikisine gözegçilik edýär.
Şol bir wagtyň özünde bilermenler bu baýlygyň özboluşly aýratynlygyny hem belleýärler. Maskyň 1,1 trillion dollarlyk baýlygynyň ep-esli bölegi SpaceX-iň geljekde amala aşyrmagy meýilleşdirýän giň gerimli taslamalaryna, şol sanda adamy Marsa gondurmak baradaky meýilnamalara baglydyr. Başgaça aýdylanda, gürrüň kompaniýanyň häzirki maliýe görkezijilerinden däl-de, geljekki netijelerine daýanýan kagyz ýüzündäki baýlyk barada gidýär.
Geçen ýylda SpaceX-iň girdejisi 18,67 milliard dollar bolan bolsa, bu görkeziji Meta kompaniýasynyň 200 milliard dollardan gowrak we Tesla kompaniýasynyň 95 milliard dollarlyk girdejilerinden ep-esli pesdir.
Eger Mask 100 ýaşyna ýetýänçä, ýagny öňündäki galan 46 ýylyň dowamynda 1 trillion dollary doly harçlamak islese, onda oňa her gün takmynan 60 million dollar sarp etmeli bolardy.