Turkmenportal logo
Düýn 23:08
51865186
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Finlýandiýanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maria Agrenden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Stubbyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. 

Duşuşygyň dowamynda diplomat  Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýurduň  kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. Türkmen tarapy ýurduň dünýä ýurtlary, şol sanda Finlýandiýa Respublikasy bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ikitaraplaýyn, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.

Taraplar iki ýurduň arasynda ýola goýlan syýasy-diplomatik gatnaşyklary döwrebap şertlerde ösdürmegiň, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we parlament ugurlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň iki tarap üçin hem bähbitlidigini nygtadylar. Şunuň bilen birlikde, milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde birek-birek bilen tejribe alyşmakda, iki döwletiň arasynda hyzmatdaşlygy hem-de dostlukly gatnaşyklary berkitmekde giň mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi.

Duşuşygyň ahyrynda ilçi döwletara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Şeýle-de şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Finlandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Helsinki ş.) täze bellenen Ilçisi Maria Agre bilen duşuşdy. Ilçi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.

Türkmen tarapy diplomaty jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, onuň Türkmenistanyň hem-de Finlandiýa Respublikasynyň gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitarapalaýyn hyzmatdaşlygy, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen özara hereketleriň giňeltmek boýunça özara gyzyklanma barada bellenildi.

Şeýle hem taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň hem-de parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ähmiýetini nygtadylar.

Ilçi Agre öz gezeginde Türkmenistanyň hem-de Finlandiýa Respublikasynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek ugrunda tagallalaryny dowam etdirmäge taýýardygyny beýan etdi.