Turkmenportal logo
Şu gün 13:04
29892989
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mirasyň we medeniýetiň baýramy: Buharestde Türkmenistana bagyşlanan sergi açyldy

Buharest şäherindäki Milli rumyn daýhançylyk muzeýinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy tarapyndan guralan «Türkmenistan: Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy — mirasyň we medeniýetiň baýramy» atly medeni serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, çäre Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy hem-de 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygary mynasybetli guraldy.

9-njy iýunda bolan açylyş dabarasyna diplomatik korpusyň, döwlet edaralarynyň, ylmy we medeniýet wekilleriniň, işewür toparlaryň, türkmen talyplarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Sergide milli amaly-haşam sungatynyň nusgalary, haly önümleri, milli egin-eşikler we şaý-sepler, fotosuratlar hem-de garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gazananlaryna bagyşlanan neşirler görkezildi.

Dabarda edilen çykyşlarda Türkmenistanyň milli medeni mirasy gorap saklamak, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek we medeniýetara dialogy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleriniň ähmiýeti bellenildi.