NASA 2027-nji ýylda Floridadaky Kennedi kosmodromynyň uçuryş meýdançasyndan amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän «Artemida-3» missiýasyna gatnaşjak astronawtlaryň atlaryny yglan etdi.
Ekipažyň düzümine ABŞ-nyň astronawtlary Andre Duglas, Frank Rubio we Rendi Bresnik, şeýle hem Ýewropanyň kosmos agentliginiň italiýaly astronawty Luka Parmitano girýär.
Bu uçuşyň çäklerinde Aýa gonmak göz öňünde tutulmaýar. Uçuş wagtynda toplanyljak maglumatlar Aý maksatnamasynyň indiki tapgyryna taýýarlyk görmek üçin ulanylar. NASA 2028-nji ýylda adamlary Aýyň ýüzüne gaýtadan çykarmagy maksat edinýär.
«Artemida-3» missiýasynyň esasy wezipeleriniň biri hem SpaceX we Blue Origin tarapyndan işlenip taýýarlanan tehnologiýalary we enjamlary ulanyp, kosmos gämileriniň birikdirmek (sepleşdirmek) amallaryny synagdan geçirmek bolar. Uçuşyň takmynan iki hepde dowam etmegine garaşylýar. Şondan soň ekipažyň gämisi Ýuwaş ummanyna gonar.