Turkmenportal logo
Düýn 18:13
65476547
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Döwlet sekretarynyň orunbasary: ABŞ türkmen gazynyň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmagy goldaýar

Amerikanyň Birleşen Ştatlary türkmen tebigy gazyny ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy goldaýar. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers Aşgabatda žurnalistler üçin geçirilen brifingde mälim etdi.

«Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji ýerde durýar, biz Türkmenistana bu serişdeleri özleşdirmek we eksport etmek babatda iň gowy arzuwlarymyzy beýan edýäris» diýip, ol belledi.

S.Rojers ABŞ-nyň daşary syýasatynyň esasyny Waşingtonyň hyzmatdaşlarynyň, şol sanda «C5+1» formatyndaky ýurtlaryň howpsuzlygyna, kuwwatlanmagyna we gülläp ösmegine bolan ymtylyşyň düzýändigini nygtady.

S.Rojersiň Türkmenistana sapary Hindistan, Nepal we Özbegistan ýaly ýurtlary hem öz içine alýan sebitleýin saparyň çäginde amala aşyrylýar. Bu sapar söwda diplomatiýasyny ösdürmäge, medeni mirasy gorap saklamaga, şeýle-de sanly mümkinçilikleri we innowasiýalary öňe sürmäge gönükdirilendir.