Turkmenportal logo
Düýn 17:30
48594859
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: TOPH-yň owgan böleginiň gurluşygyny dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär

Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň daglyk uçastogyny tamamlamak 2026-njy ýylyň dekabr aýyna meýilleşdirildi. Bu barada Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajyýew BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Owganystandaky ýagdaýlara bagyşlanan mejlisinde mälim etdi.

Onuň aýtmagyna görä, 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, ýurduň geçmesi kyn daglyk sebitinde turbageçirijiniň 130 kilometre golaýy çekildi, şonuň 40 kilometre golaýy eýýäm ulanmaga berildi.

Şol bir wagtyň özünde W.Hajyýew Akinadan Andhoýa barýan demir ýol şahasyny Şibirgan ugruna çenli uzaltmak boýunça işleriň ugurdaş alnyp barylýandygyny, Turgundidäki demir ýol terminalynyň gurluşygyny bolsa şu ýylyň dekabrynda tamamlamagyň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Diplomat Türkmenistanyň düzümleýin taslamalary Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmagyň esasy guraly hökmünde görýändigini nygtady. «Yzygiderli ykdysady ösüş, täze iş orunlarynyň döredilmegi, energetika we ulag ulgamlaryna elýeterliligiň üpjün edilmegi Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň binýadydyr» diýip, ol belledi.

Türkmenistanyň wekili halkara jemgyýetçiligini owgan meselelerini kadalaşdyrmakda ýurduň ilatyna, hakykatdan-da, peýda getirjek iş ýüzündäki we netijeli çemeleşmelere ünsi jemlemäge çagyrdy.