Turkmenportal logo
Şu gün 12:43
49384938
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen söweşijisi Abbasow UFC-däki ilkinji çykyşyndan näme üçin ýüz öwrendigini düşündirdi

Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen türgeni Abbas Abbasow ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde 20-nji iýunda geçiriljek UFC Vegas 119 ýaryşynda UFC guramasyndaky ilkinji söweşine çykmak baradaky teklipden ýüz öwürdi. Bu barada ol özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda habar berdi.

Türgeniň sözlerine görä, bu karar tälimçisi, menejeri we kakasy bilen maslahatlaşylandan soň kabul edildi. Teklipden ýüz öwürmeginiň esasy sebäpleri hökmünde öňki söweşde alan şikesleri hem-de ýokarky äň boşluklarynyň sowuklamasy (gaýmorit) diýlip görkezildi. «Lukman munuň şol wagta çenli doly bejerilmejekdigini aýtdy. Hatda ýagdaý has-da agyrlaşyp biler» — diýip, Abbasow düşündirdi.

Şeýle hem türgen özüne garşydaş hökmünde hödürlenen braziliýaly söweşiji Winisius Oliweýranyň ýokary derejeli güýçli türgendigini belläp, ýeterlik taýýarlyksyz oktagona çykmak islemeýändigini aýtdy. «Men gowy taýýarlyk görüp, özümi tanatmak we türkmen baýdagyny belende galdyrmak isleýärin» — diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Mundan ozal, 16-njy maýda Abbasow ABŞ-nyň Konnektikut ştatynda geçirilen LFA 232 ýaryşynda braziliýaly Rejiwaldo Karwalýony ikinji raundda nokaut bilen ýeňipdi.

28 ýaşly Abbas Abbasowyň ussatlar derejesinde MMA-daky tutluşyklarynyň görkezijisi 5 ýeňişden we 1 ýeňlişden ybaratdyr.