5-nji iýunda Aşgabatdaky Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň çäginde geçirilýän Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyş dabarasy geçirildi.
Giň gerimli konsert maksatnamasynda iki ýurduň sungat ussatlarynyň çykyşlary orun aldy — diýip, TDH agentligi habar berýär.

Tomaşaçylar Azerbaýjanyň Fikret Amirow adyndaky Döwlet milli saz gurallary orkestriniň, Gara Garaýew adyndaky Döwlet kamera orkestriniň çykyşyny, Azerbaýjanyň döwlet tans toparynyň deprekçileriniň tansyny, şeýle-de meşhur aýdymçylaryň we döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny uly joşgun we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşy aldylar.
Azerbaýjanly sungat işgärlerine türkmeniň meşhur tans toparlary hem goşuldy.

Baýramçylyk maksatnamasyna «Galkynyş» toparynyň “Küştdepdi” tansy azerbaýjanly sungat ussadynyň çykyşy bilen ajaýyp sazlaşygy döredip, konserte aýratyn öwüşgin çaýdy.
Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Azerbaýjanyň milli mirasynyň merjeni» atly serginiň dabaraly açylyş dabarasy geçirildi.

Sergide Azerbaýjanyň Milli haly muzeýiniň ýygyndysyndan XIX asyrdan häzirki güne çenli taryhy döwri öz içine alýan çitme hem-de kakma usulynda ýerine ýetirilen dokma önümleri, metaldan ýasalan bezeg önümleri, keşdeler, başgaplar, dürli görnüşli nagyşlaryň nusgalary görkezilýär.

Bu medeni çäräniň ilkinji gününde paýtagtymyzyň «Aşgabat» kinoteatrynda azerbaýjan çeper filmleriniň hem görkezilişi boldy.