Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri ýurduň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarow Gahryman Arkadaga ýakynda doglan, hossarsyz galyp, Aşgabat şäheriniň çagalar öýünde terbiýelenýän gyzjagaza mynasyp at dakmak baradaky teklip bilen ýüzlendi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwlet işiniň köpdügine garamazdan, hemişe ýurduň ýaş nesilleri, aýratynda, howandarlyga mätäç çagalar bilen duşuşmaga, olaryň hal-ahwaly, saglyk ýagdaýy, okuwy, höwes edýän ugurlary bilen gyzyklanmagynyň çagalarda guwanç duýgusyny döredýändigini belläp, R.Bazarow Ýaşulular geňeşiniň bu günki mejlisiniň Çagalary goramagyň halkara gününiň öň ýanynda geçirilmeginde aýratyn many bardygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň teklibini oňlap, bu çaganyň aýlaryň seresi bolan mukaddes Gurban aýynda doglandygyny nazara alyp, oňa Arkadag gyzy Gurbangül diýip at dakmagy maslahat berdi. Munuň özi sahawatly senelere goýulýan sarpanyň aýdyň nyşany bolar, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri ýurtda hossarsyz-howandarsyz çagalaryň ýokdugyny, olaryň arkasynda dag ýaly bolup, kuwwatly döwletiň durandygyny belledi.