Turkmenportal logo
Düýn 22:34
98899889
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
Surat: Surat: tdh.gov.tm

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurduň ýaşulularynyň gatnaşmagynda geçirilýän wagyz-nesihat işleriniň netijeleri we ynsanperwerlik ýörelgelerini giňeltmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisiň dowamynda türkmen halkynyň hal-ýagdaýy, ýerlerde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, köp çagaly maşgalalara goldaw bermek, howandarlyga mätäç çagalara hossarlyk etmek, şeýle hem ýurtda durmuşa geçirilýän işleri wagyz-nesihat etmek babatda alnyp barylýan işler, obadyr şäherleriň ýagdaýlary barada pikir alşyldy hem-de birnäçe netijeli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine girizilen meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri hemmelere ýurdy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde, ýaşlary watansöýüji, arassa ahlakly nesiller edip ýetişdirmekde alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.