2026-njy ýylyň 22–23-nji maýynda Germaniýanyň Bad Nauhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Türkmenistanyň ýygyndy topary ýaryşda üstünlikli çykyş edip, dürli derejedäki dokuz medal gazandy.
Bäş altyn medaly şu türgenler eýelediler: Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Aýmyrat Ýediýew (22–39 ýaş, 70 kg çenli), şol ýokary okuw mekdebiniň talyby Şyhnazar Şirzadow (18–21 ýaş, 70 kg çenli), Türkmenistanyň Kiokuşinkaý karate merkeziniň başlygynyň orunbasary Myrataly Amanow (40 ýaşdan ýokary, 90 kg çenli), Aly Begmyradow (12–13 ýaş, 40 kg çenli) we Jeýhun Baýrammämmedow (10–11 ýaş, 30 kg çenli).
Kümüş medallara ýygyndy toparyň kapitany Meýlis Paşagulyýew (22–39 ýaş, 90 kg çenli), Türkmenistanyň serhet gullugynyň işgäri Annadurdy Gurbangylyjow (22–39 ýaş, 80 kg çenli) hem-de Aýnur Nurjanowa (14–15 ýaş, 45 kg çenli) mynasyp boldular.
Bürünç medaly bolsa Myrat Ekäýew (22–39 ýaş, 90 kg-dan ýokary) gazandy.
Çempionata Germaniýadan, ABŞ-dan, Ýaponiýadan, Italiýadan, Wengriýadan, Belgiýadan, Rumyniýadan, Moldowadan, Ukrainadan we Türkmenistandan takmynan 350 türgen gatnaşdy.