Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýurtda «e-TIR» halkara ulgamyny işe girizmek boýunça işleri tamamlaýjy tapgyrda alyp barýar. Bu barada 20-nji maýda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen «e-TIR» halkara ulgamyny ornaşdyrmak boýunça utgaşdyryjy iş maslahatynda aýdyldy. Bu barada Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, işmaslahaty Halkara ýol ulaglary bileleşiginiň (IRU), Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasynyň (THADA) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.
Çäräniň barşynda, Türkmenistanda «e-TIR» ulgamyny ornaşdyrmak boýunça tehniki meseleleri we ulgamy işe girizmek bilen bagly ýerine ýetirilýän işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda ýurduň «e-TIR» ulgamyna goşulmak üçin zerur bolan guramaçylyk we tehniki işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şu ýylyň iýun-iýul aýynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gümrük edaralary bilen bilelikde «e-TIR» ulgamy synag görnüşinde işe girizmek boýunça degişli işler geçirilýär.
«e-TIR» ulgamy — halkara ýük daşamalarynda maglumat alyşmagy çaltlandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Bu ulgamyň ornaşdyrylmagy kagyz resminama dolanyşygyny ep-esli azaltmaga, serhet geçelgelerinde sarp edilýän wagty iň pes derejä düşürmäge we gümrük amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.