Turkmenportal logo
Şu gün 10:11
31823182
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Russiýa bilen söwda gatnaşyklaryny artdyrmaga gyzyklanýar

Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustini kabul etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge we pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Bu barada TDH habar berdi.

Iki ýurduň arasyndaky syýasy dialog yzygiderli pugtalandyrylýar, parlamentara hyzmatdaşlyk işjeň alnyp barylýar, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň we subýektleriniň arasynda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany «Merkezi Aziýa — Russiýa» formatynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtady.

Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde bellenildi. Russiýa Federasiýasy köp ýyllaryň dowamynda ýurduň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow ýurduň özara söwdanyň möçberini artdyrmaga we harytlaryň görnüşlerini giňeltmäge, işewür toparlaryň wekilleriniň arasynda has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Medeni-ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýene-de bir wajyp ugrudyr. Şunda bilim, saglygy goraýyş, ylym, medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de RF-niň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Türkmenistanyň we Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.