Turkmenportal logo
Şu gün 10:07
27082708
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Türkmen halysynyň baýramy giňden belleniler

Türkmenistanda şu ýyl 31-nji maýda belleniljek Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaraly çäreler geçiriler.

Hökümet mejlisinde wise-premýer Nökerguly Atagulyýewiň habar berşi ýaly, baýramçylyk mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisini, şeýle-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär.

Serginiň çäginde Türkmen halysynyň milli muzeýinde ýurdumyzda milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde uly hyzmatlary bitiren halyçy zenanlara «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» atly döwlet sylagyny dabaraly ýagdaýda gowşurmak göz öňünde tutulýar.

Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisine dünýäniň dürli ýurtlaryndan belli halyşynaslaryň, türkmen halyçylyk sungatynyň muşdaklarynyň, alymlaryň, hünärmenleriň hem-de haly önümçiligi bilen meşgullanýan kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Şeýle hem paýtagtymyzda «Arşyň nepisligi» we «Janly rowaýat» atly maslahatlary geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýere Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmegi we olaryň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy — diýip, TDH agentligi habar berýär.