Turkmenportal logo
Şu gün 09:34
36003600
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda 3-nji iýunda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

Aşgabatda 3-nji iýunda köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramak göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde wise-premýer B. Mämmedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek bedenterbiýe-sport we sagaldyş çärelerine taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Şeýle hem baýramçylyk mynasybetli 30-njy maýdan 3-nji iýuna çenli welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde welosiped ýaryşlaryny, sport bäsleşiklerini, ylmy-amaly maslahatlary, wagyz-nesihat we beýleki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer degişli teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped gününiň sagdyn we bagtyýar durmuşy wagyz edýän halkara sport baýramydygyny belläp, ýurtda meýilleşdirilen bedenterbiýe-sport çäreleriniň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini tabşyrdy — diýip, TDH agentligi habar berýär.